JEMGYÝET

Amerikada Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Arkadag şäheri tanyşdyryldy. ABŞ-daky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çärelerine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen “akylly şäher” konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherini tanyşdyrdy.

Ilçi şäheriň döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda, daşky gurşaw talaplaryna laýyklykda gurlan innowasiýa taslamasydygyny belledi. Şeýle hem onuň şäher infrastrukturasyny ösdürmekdäki mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi.

Arkadag şäheriniň gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy.

“Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda edara we durmuş maksatly desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň binalary guruldy. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri