BILIM

ABŞ-da mugallymlar üçin tejribe gazanmak mümkinçiligi

Azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolan orta bilim mugallymlary we administratorlara ýüzlenýäris!

“ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti, gymmatlyklary we institutlary barada düşünjäňizi çuňlaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bu bäş hepdelik intensiw akademiki maksatnama dört hepdelik okuwy we ABŞ-nyň dürli sebitlerine bir hepdelik okuw gezelenji öz içine almak bilen 2025-nji ýylyň tomsunda başlaýar.

Arza tabşyrmak üçin soňky möhlet: 2024-nji ýylyň 1-nji noýabry.

Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Ýene-de okaň

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi