BIZNES

“Abadan haly” owadan haly

    Türkmenistanyň Söwda senagaty edarasynda türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli  “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly sergi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary gatnaşdy. Şolaryň hatarynda “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Begenç Çäşemow bilen söhbetdeş bolduk.

– “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi. Öndürilýän haly we haly önümleriniň esasy çig maly Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýan türkmen polipropileni bolup durýar. Haly kärhanasy gysga wagtyň içinde öndürýän önümleriniň mukdaryny artdyrmak we ýokary hilliligini gazanmak hem-de täze iş orunlaryny artdyrmaklygy başardy. “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimizde 700-den gowrak işgär zähmet çekmek bilen işler gije – gündiziň dowamynda ýola goýulýan.

         –  Öndürýän önümleriňiz diňe içerki bazarlary däl, eýsem daşary ýurtlarda-da  uly islege mynasyp bolýar, şolar dogrysynda gürrüň beräýseňiz?

– Häzirki wagtda öndürýän önümlerimizi daşary ýurtlara: Özbegistan,  Gazagystan, Azerbeýjan, Türkiýe, Owganystan yslam respublikalaryna eksport söwdalary edilýär we gelejekde eksport söwdalarynyň has-da germini giňeltmek maksady bilen Ýewropa ýurtlaryna Türkmen önümlerini eksport etmekligi maksat edinýär. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty: 2016-njy ýylda 800 000 inedördül  metr, 2017-nji ýylda 1 500 000 inedördül metr,  2018-nji ýylda 2 500 000 inedördül metr haly önümlerini öndürdi. 2019-njy ýylda 3 000 000 inedördül metrden gowrak haly we haly önümlerini şeýle-hem polipropilen multifilament ýüplikleriniň 5 000 000 kg öndürdi. Bu görkezijiler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň haly önümine bolan talabyny doly kanagatlandyrmaga ukyplydygyny görkezmek bilen birlikde daşary ýurtlara eksport söwdasyny etmek mümkinçiliginiň barlygyny aýan edýär.

         – Geljekde öňüňizde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?

-“Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň bize döredip berýän uly mümkünçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, watanymyzyň ykdysdy ösüşlerine öz goşandygy goşmak üçin täze ýokary hilli önümleriň üstünde işläp, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmagy, şeýle-de daşarky bazarlara öz önümlerimizi eksport etmegi maksat edinýärin.

Begenç aga, biz bilen söhbetdeş bolup, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size işleriňizde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Baýramyňyz gutly bolsyn!

 

 

Söhbetdeş bolan:
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň  DIM-niň

Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň  talyby

 

 

«Mir» teleýaýlymy Türkmenistanda habarçylar bölümini açmakçy

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri