JEMGYÝET

TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti

Türkmenistanyň tebigy gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ýetirmäge mümkinçilik berýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara forumuň çäklerinde tanyşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Dubaý şäherinde “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirilýär. Şol maslahatda “TAPI Pipeline LTD” konsorsiumynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow “TOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň açary” atly mowzuk bilen çykyş etdi. Şol çykyşda TOPH gaz geçirijisiniň sebitdäki ähmiýete barada gyzykly maglumatlar berildi.

  • 1840 kilometre uzap gidýän bu gaz geçirijisi Türkmenistanyň tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana ibermäge mümkinçilik berer.
  • Gaz geçirijisiniň Owganystan we Pakistandaky uzynlygy 1635 kilometre deňdir.
  • “TAPI Pipeline LTD” konsorsiumy taslama gatnaşyjy ýurtlaryň milli gaz kompaniýalar tarapyndan döredildi.
  • Taslama boýunça işler iki tapgyrda alnyp barlar. Birinji tapgyrda turba geçirijiler çekiler. Ikinji tapgyrda 6 sany kompressor beketleri gurlar.
  • Bu gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň 5 göterimini Owganystan, 47,5 göterimden Pakistan bilen Hindistan satyn alar.
  • Taslama 4 ýurduň hökümetler tarapyndan uly goldawa eýedir.
  • Taslamany alyp barýan “Türkmengaz” döwlet konserni: ýurduň tebigy gaz känleriniň özleşdirilmeginden jogapkärdir, şeýle hem 9 müň kilometre barabar turba geçirijileriň işini alyp barýar.
  • Owganystanyň gaz kompaniýasy: ýurduň Magdan we nebit ministrligine degişli bolup, 4 uly gaz ýatagyny özleşdirýär.
  • Pakistanyň “İnter State Gas Systems” kompaniýasy döwlete degişli bolup, ýurduň hökümetiniň adyndan tebigy gaz meseleleri boýunça gepleşikleri alyp barýar we bu pudaga daşary ýurt maýa goýumyny çekmäge ýardam edýär.
  • Hindistanyň “Gas Limited” kompaniýasy ýurduň iri kompaniýalarynyň biridir. Tebigy gazy sarp edijilere paýlamagyň 70 göterimine, tebigy gazyň satuwynyň 60 göterimine gözegçilik edýär.
  • TOPH gaz geçiriji taslamasyna birnäçe kompaniýa maslahat bermek maksady bilen gatnaşýar. Olaryň arasynda “Jacobs”, İLF, “Allen and Overy”, “Clifford Change”, “Willis Towers Watson”, “Wood”, “Portland”, “Gas Strategies”, EY we beýlekiler bar. Bu kompaniýalar ekologiýa, salgyt, ätiýaçlandyrmak we marketing ýaly ugurlarda hyzmat berýär.
  • Taslama boýunça gol çekilen ylalaşyklar: hökümetara ylalaşyk, tebigy gaz geçirijisi boýunça çarçuwaly ylalaşyk, tebigy gazy almak we satyn almak boýunça ylalaşyk, gaz geçirijisini işini alyp barmak boýunça ylalaşyk, maýa goýum ylalaşygy, paýdarlaryň ylalaşygy. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň gatnaşmagynda gazy ýerlemek boýunça ylalaşyk we turba geçirijiler ulgamyna goşulmak boýunça ylalaşyga gol çekildi.
  • Bu taslama tebigy gazy satyn alan ýurtlara ykdysady girdeji getirer. Tebigy gaz beýleki ýangyç serişdelerinden arzandyr. Tebigy gazyň akdyrylyp başlanmagy bilen senagatlaşdyrmak we maýa goýum ugurlary öser. Owganystan bilen Pakistan tebigy gaz üstaşyr geçirmek bilen milliardlarça dollar girdeji gazanar. Şeýle hem sebite täzeçil tehnologiýalar getiriler.
  • Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürer.
  • Infrastruktura, bilim we beýleki durmuş maksatly maýa goýumlary höweslendirer.
  • Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygy üpjün eder.
  • Bu tebigy gaz geçirijisi 35 etrabyň üstünden geçýär.
  • TOPH gaz geçirijisi Pakistanyň we Hindistanyň tebigy gaz zerurlygy üçin hem ähmiýetlidir. 2040-njy ýyldaky çaklamalara görä, Hindistanyň tebigy gaz bolan islegi 120 milliard kubmetre, Pakistanyky bolsa 90 milliard kubmetre deň bolar.
  • TOPH gaz geçirijisi bolmazdan oňa gatnaşan 3 ýurt nebit, kömür we suwuklandyrylan gaz garaşlydyr.

Hindistan bilen Pakistan dünýäde howa hapa gazlaryň iberilmeginde öňdebaryjy ýurtlardyr. Şonuň üçin tebigy gaz satyn almaklary olaryň bu ugurdaky meselelerini hem çözmäge ýardam eder. Tebigy gaz ekologiýa taýdan arassa ýangyç hasaplanýar.

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri