JEMGYÝET

Adem Kula : Foruma uly höwes bilen gatnaşdyk

Ine, hemmämiziň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan birinji Hazar ykdysady forumy uly üstünliklere beslendi. Forumyň çäklerinde köp sanly halkara çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda ajaýyp sergiler hem bar. Dönýäniň ençeme ýurdundan myhmanlaryň gatnamagynda geçirilen sergide birnäçe daşary ýurtly myhmanlar bilen söhbetdeşlik bolduk.

Salam meniň adym Adem Kula. Men bu sergä Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary hökmünde gatnaşýaryn. Men şol bir wagtda Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň esaslandyryjysy bolup durýaryn. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasy 10 döwletiň bilelikdäki guran ykdysady edarasydyr. Biz bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň çakylygy bilen geldik. Biziň guramamyza agza bolan 10 ýurtdan wekilçilikli toparlar birinji  Hazar ykdysady forumyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Forumyň çäklerinde sergileriň we köp sanly duşuşyklaryň gurnalmagy, muňa biziň hem gatnaşmagymyzyň örän uly bähbidi bardyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi bilen Hazar sebitindäki ilkinji forumyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilmegi bu Türkmenistan döwletiniň nähili ösüşlere eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle hem forumyň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini hem-de aýratynlygyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek babatda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu forumyň geljekde birnäçe uly-uly işleri ýola goýjakdygyna ynanýaryn. Sözümiň şu ýerinde bolsa, bizi şu ajaýyp sergä çagyran türkmen halkyna hoşallygymyzy bildirýärin. Biz şu ajaýyp Awazadadygymyza begenýäris. Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda 1041 sany täze iş orny dörär

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi