Işläp başlady, ýöne synag edilýän ikinji gününde kiçijik heläkçilige uçrady. Hindistanyň ilkinji ýerli ýokary tizlikli otlusy işläp başlan ikinji gününde…
Ýokary tizlikli otly indi Hindistanda-da bar. Ýakynda döwletiň ýolbaşçysy Narendra Modiniň gatnaşmagynda bu otlynyň açylyş dabarasy boldy we ol ilkinji synag ýörişlerini amala aşyrdy.
Hindi metbugatynyň habar bermegine görä, Hindistanyň demirgazygyndaky Waransi welaýatyndan paýtagt Nýu-Delä barýan otly ikinji iş gününde kiçiräk heläkçilik sebäpli, saklanmaly boldy. Ýurduň demirýol edarasyndan berlen beýanata görä, şol öňünden garaşylmadyk ýagdaýda çykan sygyr sebäpli, otly orta ýolda saklandy. Ýöne otly giç hem bolsa paýtagta geldi.
Bu täze otlynyň bellenen tertip boýunça gatnawy däldir. Tertip boýunça gatnawlara geçen ýekşenbe güni badalga berildi. Hindistanyň demirýol edarasy otlynyň ugruna germewleri çekmek işini hem alyp barýar. Şeýlelikde, otlynyň hereket edýän ugrundaky ähli päsgelçilikler aradan aýrylar.
Hindistanda öndürilen «Vande Bharat Express» atly täze ýokary tizlikli otly sagatda 160 kilometre çenli tizlige ýetip bilýär.