SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu döwür Hamallar üçin täze başlangyçlaryň, batyrgaý ädimleriň we içki energiýanyň ýokarlanýan wagty bolar. Öňden bäri meýilleşdirip ýören, ýöne amala aşyrmaga çekinip duran taslamalaryňyza girişmek üçin bu gün amatly pursat gelip ýetdi. Ýyldyzlar size öz pikirleriňize ynanmagy we howlukmaç kararlary  kabul etmekden saklanyp, her bir ädimiňizi oýlanyşykly ätmek maslahat berýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu döwür Sowurlar üçin durnuklylygyň, sabyrlylygyň we öz gymmatlyklaryna daýanmagyň wagty bolar. Howlukman, ynamly ädimleri ätmek size uly netijeler getirer. Şeýle hem Öýüňizde we gündelik durmuşyňyzda rahatlygy döretmek siziň esasy daýanjyňyz bolar.Günüň ikinji ýarymynda  beden we ruhy deňagramlylygy saklamak üçin tebigatyň goýnunda dynç almak we sagdyn iýmitlenmek maslahat berilýär.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün söhbetdeşlik, degişme we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary janlandyrar. Ýakynlaryňyz bilen bilelikde täze ýerlere gezelenç etmek ýa-da gyzykly çärelere gatnaşmak size şatlyk paýlar.Emma güniň ikinji ýarymynda işjeňligi talap edýän meseleleri ýüze çykyp biler

 Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Duýgularyň çuňlaşýan, öý-ojagyň we maşgalanyň gymmatynyň has-da artýan döwri. İçki sesiňize gulak asmak size dogry ugru salgy berer.Şeýle hem  işde öňden gelýän tejribäňize we duýgurlygyňyza daýanyp,gowy  netijeler gazanyp bilersiňiz. Emma maşgala bilen bagly ýa-da öý hojalygyna degişli çykdajylary öňünden hasaplamak  hasda amatly bolar.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Özüňizi görkezmek, liderlik ukybyňyzy açmak we uly maksatlaryňyza ýetmek üçin bu gün ajaýyp döwür. Siziň işe bolan höwesiňiz daş töweregiňizdäkilere hem ruh berer.Şeýle hem döredijilikli başlangyçlar, çykyşlar we jogapkärli wezipeler üçin şowly wagt. Özüňize bolan ynamyňyz ýolbaşçylaryň we hyzmatdaşlaryň ünsüni çekip biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün söýgi gatnaşyklarynda  romantika, sowgatlar we uly üns gatnaşyklara täze öwüşgin berer. Şeýle hem ýakyn adamyňyzyň üstünliklerine begenmek we bilelikde baýramçylyk ruhuny döretmek ýakymly bolar.Emma günüň ikinji ýarymynda işdeş kärdeşleriňize  gündelik işlerine ýardam bermek aradaky baglanyşygy berkidip bilerer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin deňagramlylygyň we ylalaşygyň döwridir. Gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmek ukybyňyz size köp ýerde kömek eder.Iş ýeriňizde bolsa  Hyzmatdaşlyk, şertnamalary  baglaşmak we toparlaýyn işler üçin şowly pursat. Şeýle hem gözellik, dizaýn we sungat bilen bagly ugurlarda täze mümkinçilikler açylyp biler.

 Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün Akraplarda söýgi gatnaşyklaryna we  çuňňur duýgulara  wepalylyk  ruhy baglanyşyk höküm sürer. Ýakynlaryňyza açyk bolmak we gysgançlykdan daş durmak gatnaşyklaryňyzy hasda  sagdyn saklar.Şeýle hem bu gün Içki energiýaňyzy dogry ugra gönükdirmek has gowy netijeleri gazanmaga ýardam eder.

 Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün gözýetimi giňeltmegiň, täze bilimleri öwrenmegiň we syýahata ymtylmagyň döwri bolar. Optimistik garaýşyňyz size täze gapylary açyp biler. Şeýle hem bu wagt okuw, halkara aragatnaşyklar, neşirýat we täze ugurlary özleşdirmek üçin hem amatly wagt.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Maksada okgunlylygyň,  täze jogapkärçiligiň we uzak möhletli binýady berkitmegiň döwri bolar . Bu gün jediler sabyrly zähmetiniň  hökman öz netijesini görerler.Iş we maliýe meselelerinde  karýera ösüşi, dolandyryş üçin örän netijeli gün bolar.Şeýle hem  her bir ädimi öňünden ölçäp hereket etmek  size ynamly öňe gitmäge kömek eder.

 Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Söýgi we dostluk gatnaşyklarynda özara erkinlik we täzeçil çemeleşme gatnaşyklara jan berer. Ýakyn adamyňyz bilen gyzykly pikirleri paýlaşmak aradaky ruhy ýakynlygy güýçlendirer. Şeýle hem bu wagt üýtgeşik pikirleriň, täzeçilligiň we dostlukly gatnaşyklaryň döwri bolar. Adaty bolmadyk çözgütler size çylşyrymly ýagdaýlardan çykalga tapmaga kömek eder.

 Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu gün  gatnaşyklaryna hatda peýdaly tekliplere ýa-da duýgular bilen utgaşýan aragatnaşyklarda hem ünsli bolmak maslahat berilýär. Geçmiş bilen baglanyşykly ýagdaýlarda, gaýtadan geçirilýän duşuşyklarda ýa-da gutarnykly gepleşiklerde seresap öran  möhümdir. Bu wagt içki duýgyňyz bir zadyň tertipli däldigini duýdurýan bolsa, oňa gulak asmak has gowy netijeleri gazandyrar.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

24-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

28-nji Oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

08-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama