DÜNÝÄ

Türkmenistanyň gümrük wekiliýeti Kataryň iri ulag düzümleriniň iş tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kataryň Doha şäherine bolan gulluk iş saparynyň çäklerinde 26-njy noýabrda ýurduň esasy ulag-logistika desgalaryna baryp gördi. Türkmen wekiliýeti Hamad deňiz portunda, Günorta portlaryň Gümrük müdirliginde we Hamad halkara howa menzilinde bolup, bu düzümleriň işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.

Saparyň dowamynda Katar tarapynyň wekilleri gümrük amallarynyň alnyp barlyşy, halkara ýükleriň resmileşdirilişi, döwrebap gözegçilik usullarynyň ulanylyşy hem-de täze tehnologiýalaryň gümrük ulgamyna ornaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de deňiz we howa ulag ugurlarynda gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iş tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen katarly hyzmatdaşlaryň arasynda gümrük ulgamynda özara tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu duşuşyklar halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda gümrük hyzmatlarynyň ähmiýetini artdyrmaga ýardam edýän möhüm ädim hökmünde değerlendirildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Angela Merkeliň hormatyna oýunjak aýylar ýasaldy

Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär