2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanadadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň General-gubernatory, Onuň Alyhezreti Louise Arboura Ottawadaky Rideau Hall köşgünde ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň resmi jemgyýetçilik torunda habar berildi.
Dabaradan soň geçirilen duşuşykda Ilçi Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

General-gubernator hoşallygyny bildirip, öz tarapyndan hem salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Kanadanyň General-gubernatory Louise Arbour Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna hem ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 30-njy awgustyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilipdi.
