TEHNOLOGIÝA

«Türkmentelekom»: Azerbaýjan bilen Hazar deňzi boýunça aragatnaşyk liniýasyny çekmek we ulanmak babatda işler alnyp barylýar

Türkmenistan halkara magistral liniýalarynyň sanyny 11-e ýetirmegi, şeýle hem tranzit torunyň umumy geçirijilik kuwwatyny 20 Tbit/s-a çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde Azerbaýjan bilen Hazar deňziniň üsti bilen suwasty optiki süýümli aragatnaşyk liniýasyny çekmek boýunça hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýedir.

Bu barada «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň baş direktory Hojanyýaz Awganow 25-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2026» atly halkara sergide we ylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Onuň bellemegine görä, göz öňünde tutulan görkezijilere birnäçe infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ýetmek mümkin. Hususan-da, Azerbaýjan bilen bilelikde Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty aragatnaşyk liniýasyny çekmek, oňa eýeçilik etmek we ony ulanmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu taslama Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýokary tizlikli sanly aragatnaşyk ýoluny döretmäge mümkinçilik berer.

Telekommunikasiýa infrastrukturasynyň giňeldilmegi we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda Hazar taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň sanly arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky halkara üstaşyr ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Related posts

Köp garaşylan “Xiaomi 12” seriýasy hödürlendi: Ine aýratynlyklary

“Apple Car” üçin ýene bir ädim

Hytaý emeli Günden soň, emeli Aý ýasady

Ata Watan Eserleri