SPORT

«Arkadag» topary Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi

AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalar tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi. «B» toparçasynyň çäginde geçirilen bu möhüm duşuşykda ýeňiş gazanan «Arkadag» futbol toparynyň ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagyna uly goşant boldy.

“Arkadag” topary myhmançylykda oýnaýandygyna garamazdan, Bahreýniň 36 gezek çempiony bolan «Al-Muharrak» toparyny ynamly ýeňmegi başardy.

Duşuşygyň 5-nji minutynda Ahmet Ataýew hasaby açyp, “Arkadag” toparyny öňe geçirdi. Şeýle hem “Arkadag” toparyndan Daýanç Meredow duşuşygyň 15-nji we 50-nji minutlarynda tapawutlanyp, hasaby 3:1-e ýetirdi. Duşuşygyň 69-njy minutynda bolsa, Mekan Saparow “Arkadag” toparynyň 4-nji goluny geçirdi.

Bu toparçada  Eýranyň «Gol Gohar»  hem-de BAE-niň «Al-Jazira» toparlary hem çykyş edýär.

Ýaryşyň toparçalar tapgyry 9-njy dekabrda tamamlanar. Onuň netijeleri boýunça sekiz toparçanyň hersinden iň gowy iki topar utulan-çykdy tapgyryna çykar. Ýaryşyň final duşuşygy 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler.

Bu toparçada soňky duşuşygyň öňüsyrasynda BAE-niň «Al-Jazira» toparynyň 13 utugy, «Arkadag» toparynyň 10 utugy, «Al-Muharrak» toparynyň 3 utugy we Eýranyň «Gol Gohar»  toparynyň 2 utugy bar.

Related posts

Sportuň täze görnüşleri Olimpiýa oýunlaryna girizildi

Messi ynamly oýun görkezmese-de, girdeji gazandyrýar

Ata Watan Eserleri

21 ýyldan soňra Messi bilen Ronaldo sanawda ýok

Ata Watan Eserleri