DÜNÝÄ

Aşgabatda 26-27-nji noýabrda GDA-nyň zähmeti kadalaşdyrmak boýunça halkara maslahaty geçiriler

2026-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler. Maslahatyň guramaçysy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 20-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi we wise-premýere maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Maslahatyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň we guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, gepleşikleri we gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Maslahata Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, zähmeti kadalaşdyrmakda usulyýet we guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlyk guramalarynyň, GDA-nyň döwletara statistika boýunça komitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Maslahat Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän we GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edildi.

Related posts

ABŞ saýlawlarynyň ilkinji netijeleri: Demokratlar Kongresiň iki palatasynda hem ýeňiş gazandy

Müsürli Haled al-Anani ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine saýlandy

Putin bilen Pezeşkian Awazada duşuşarlar