DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri Aşgabatda halkara maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Halkara zähmet standartlaryny ilerletmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Halkara Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň we Mongoliýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Maslahatyň «Durnukly ösüşi we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň serişdesi hökmünde durmuş dialogy» atly mejlisinde Halkara Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň Pan-Ýewropa Sebit Geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary Anton Leppik, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy Sahib Mammedow we beýleki wekiliýetleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Sahib Mammedow öz çykyşynda Azerbaýjanda köpçülikleýin şertnamalaryň taryhynyň 1904-nji ýyldan başlanýandygyny belläp, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde, işgärleriň hukuklaryny goramakda we mynasyp zähmet şertlerini döretmekde durmuş dialogynyň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Azerbaýjanda köpçülikleýin şertnamalar ulgamyny we durmuş hyzmatdaşlygy mehanizmlerini kämilleşdirmek, kärdeşler arkalaşyklarynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Konfederasiýanyň başlygy Baş köpçülikleýin ylalaşykda iş üpjünçiligi we zähmet howpsuzlygy meseleleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi, emeli aň we sanlylaşdyrmak meseleleriniň hem öz ornuny tapandygyny belledi. Ol tehnologik ösüşiň adamlaryň bähbidine, täze we ýokary hilli iş orunlarynyň döredilmegine hyzmat etmeginiň möhümdigini nygtady.

Maslahatyň çäklerinde «Häzirki döwürde mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny», «Durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy hökmünde halkara zähmet standartlary» we «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly mejlisler hem geçirildi.

Mejlislerde halkara zähmet standartlarynyň durmuşa geçirilmegi, inklýuziw ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak we iş üpjünçiliginiň täze görnüşleriniň döredýän kynçylyklary boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Ilçi: 2025-nji ýylda türkmen-azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygy has-da berkedi

“Gallup”: Türkmenistan iň howpsuz ýurt

Ata Watan Eserleri

Boş zalda 1 million tomaşaçy