Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Türkmenistan bilen Eýranyň goňşy döwletler hökmünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda alyş-çalşygyny giňeltmegiň, şeýle hem bilelikdäki ykdysady taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şeýle hem energetika, senagat we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Pudagara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen netijeli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn dialogyň yzygiderli ösdürilmeginiň we amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
