DÜNÝÄ

BSGG-niň Türkmenistandaky wekili işini tamamlaýar

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda hem-de ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň saglygy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermekde möhüm ornuny nygtady hem-de milli we halkara maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Öz gezeginde, Ýe.Zaýsew Türkmenistanda işlän döwründe netijeli hyzmatdaşlyk we giňişleýin goldaw berlendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem bilelikdäki işiň gazanan netijeleri bellenildi we BSGG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýe.Zaýsewe geljekki hünär işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Merkezi Aziýa-Russiýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär