BIZNES

Türkmenistan bilen Katar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Kataryň daşary söwda meseleleri boýunça döwlet ministri Ahmad bin Mohammed Al-Saýed 26-njy oktýabrda Doha şäherinde geçirilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar türkmen-katar gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda oňyn depginler bilen ösýändigini bellediler hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Mundan başga-da, Nazar Agahanow bilen Ahmad bin Mohammed Al-Saýed ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Dokuzynjy Bütindünýä maýa goýum forumy 25–27-nji oktýabr aralygynda Doha şäherinde «Investing in the Future» («Geljegi maýa goýmak») şygary astynda geçirilýär.

Kataryň habarlar agentliginiň (QNA) habar bermegine görä, forum Katar tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) bilen bilelikde guraldy. Çärä dünýäniň 160-dan gowrak ýurdundan hökümetleriň, halkara guramalaryň, işewürlik we maýa goýum jemgyýetçiliginiň wekillerini öz içine alýan 5 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Related posts

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Ekonomisi %6,2 Büyüdü

vepa

Türkmenistan’da Almanya Ekonomi Günü düzenlenecek

vepa