Russiýa Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasyny Gaz eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GEÝF) sammitine myhman ýurtlar hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara meseleler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere habar berdi.
«Bu sammite taýýarlyk işleri eýýäm köp wagt mundan ozal başlandy. Size diňe şuny habar bermek isleýärin: iýun aýynda Prezidentiň adyndan döwletleriň ýolbaşçylaryna sammite hut özleriniň gatnaşmagy ýa-da öz wekillerini ibermegi üçin çakylyklar ugradyldy. Foruma agza ýurtlardan we synçy döwletlerden başga-da, biz iki ýurdy — Türkmenistany we Günorta Afrika Respublikasyny myhman ýurtlar hökmünde çagyrdyk» diýip, Kremliň wekili aýtdy.
Ol sammitde Gaz eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary Filip Mşelbilanyň hem gatnaşjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
