Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda bu ajaýyp eseriň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasaty, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki tagallalary, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen ýakyndan tanyşmakda gymmatly gollanma öwrülendigi biragyzdan bellenildi.
Bu ajaýyp kitabyň 100 milliondan gowrak adam tarapyndan giňden peýdalanylýan ýapon dilinde neşir edilmegi guwandyryjy wakadyr. Çünki ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň arasynda 8-nji orunda durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 15 müňden gowrak adam bu dili öwrenýär. Bu ýagdaý Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda ýapon dilini öwrenýänleriň iň uly sanyny emele getirýär.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň çap edilmegi bilen, Günüň dogýan ýurdunyň okyjylarynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň geçen ýoluny, parahatçylyga ygrarly Bitarap ýurt hökmündäki tagallalaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik gazanar.
Häzirki döwürde Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň guraýan Ýapon dili we ýapon medeniýeti ugurlary boýunça talyp maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlaryna Günüň dogýan ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak mümkinçiligi döredilýär. Şeýle akademiki alyşmalar diňe bir dil öwrenmäge däl, eýsem, halkyň medeniýeti we milli gymmatlyklary bilen hem içgin tanyşmaga uly ýardam edýär.
