SPORT

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşdi. Milli wekiliýetiň düzümine geljegi uly 10 türgen girip, olaryň bäşisi erkekleriň, bäşisi bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda çykyş eder.

Dünýä birinjiligi şu möwsümiň iň möhüm sport ýaryşlarynyň biri bolmak bilen, täze Olimpiýa tapgyrynyň başlangyjyny alamatlandyrar. Bu ýaryşda türgenler 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin zerur bolan saýlama utuklaryny toplamak ugrunda bäsleşige girişerler.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň düzümine bäş agyr atletikaçy girýär. Olar:

  • Ogulşat Amanowa — 53 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Şabnam Kerimbaýewa — 57 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Medine Amanowa — 69 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Gülälek Kakamyra­dowa — 77 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Anamjan Rustamowa — 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş ederler.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny şu türgenler gorarlar:

  • Didarbek Juma­baýew — 75 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Bektimur Reýimow — 75 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Gaýgysyz Toraýew — 85 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Rüstem Annaberdiýew — 95 kilograma çenli agram derejesinde;

  • Şahzadbek Matýakubow — 110 kilograma çenli agram derejesinde.

Ninbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty agyr atletikanyň taryhynda möhüm waka bolar. Sebäbi bu ýaryş ilkinji gezek täzelenen agram derejeleri boýunça geçiriler.

Çempionatyň dowamynda jemi 16 agram derejesinde, ýagny erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesiniň hersinde medallar ugrunda bäsleşiler.

Hytaý üçin hem bu dünýä çempionatyny kabul etmek aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ýurt 1995-nji ýylda geçirilen dünýä birinjiliginden 31 ýyl soň, Halkara agyr atletika federasiýasynyň esasy ýaryşyny taryhynda ikinji gezek kabul edýär.

Türkmenistanyň sport janköýerleri ýurdumyzyň agyr atletikaçylarynyň bu abraýly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanmaklaryna we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryna uly umyt baglaýarlar.

Related posts

“Liwerpul” topary 20-nji çempionlygyny yglan etdi

Ata Watan Eserleri

Kirsti Kowentri – Halkara Olimpiýa Komitetiniň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Dünýä çempionatynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy