JEMGYÝET

Akgaýa – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» boldy

Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. Myhmanlara türkmen topragynyň berekedi bolan naz-nygmatlar hödür edildi.

Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar tomaşaçylara eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler.

Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas A.Bakeýew gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Related posts

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Özbegistan Türkmenistana “Tiz kömek” awtoulaglaryny iberdi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi