MEDENIÝET

Ussat Şähriýäryň şygryýet güni mynasybetli medeni çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde pars dili öwrenijileriniň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Pars şygryýetiniň we edebiýatynyň hem-de eýran şahyry Ussat Şähriýäryň şygryýet güni” mynasybetli medeni çäre we goşgy bäsleşigi geçirildi.

EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň şeýle-de eýranly diplomatlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede Medeniýet Merkeziniň dürli derejedäki pars dilini öwrenijileri we olaryň mugallymlary birnäçe şertler boýunça bäsleşdiler.

Çäräniň başynda EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş edip, Ussat Şähriýäryň pars we azerbaýjan dillerindäki şygryýetiniň Eýran bilen türki dilli halklaryň arasyndaky özboluşly medeni köpri bolup hyzmat edýändigini we Eýranyň taryhynyň we medeniýetiniň türki dillerindäki şygryýet bilen çuňňur baglanyşyklydygyny belläp geçdi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde türkmen, türk hem-de azerbaýjan dillerinde goşgy ýazan beýik şahyrlar Magtymguly Pyragynyň, Jelaleddin Rumynyň, Nyzamy Genjewiniň we Ussat Şähriýaryň baý edebi mirasyny görkezmek bolar. Bu edebi miras diňe bir baý medeniýetiň däl, eýsem doganlyk halklaryň arasyndaky parahatçylykly we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda asyrlarboýy dowam edýändiginiň we kämilleşýändiginiň nyşanydyr.

Soňra EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani öz çykyşynda bu çäräniň söýginiň we edebiýatyň dili hasaplanýan pars diliniň edebiýatynda we şygryýetinde özüniň sada we düşnükli hem-de şol bir wagtda üstünden ýyllar geçse hem her bir ynsana çuňňur täsirini ýetirýän setirleri bilen tanalyp, bu zehini üçin “Ussat” lakamyny alan we Şähriýar ady bilen tanalýan Seýid Muhammethüseýin Behjet Töwriziniň edebi mirasyna bagyşlanyp geçirilýändigini aýdyp, bu sene mynasybetli pars dilini öwrenijileriniň we mugallymlarynyň arasynda şygyr bäsleşiginiň geçirilmeginiň hem özboluşly buýsanç çesmesidigini belläp geçdi.

Bäsleşigiň şertleri salamlaşyk goşgusyny aýtmakdan, şahyr Şähriýaryň pars we azerbaýjan dillerindäki goşgy setirlerini ýerine ýetirmekden, pars edebiýatyna we şygryýetine bagyşlanan soraglara jogap bermekden we şu mowzuk boýunça diwar gazetini ýasamakdan, meşhur eýranly şahyrlaryň goşgy setirlerini ýatdan dowam etdirmekden, medeni çykyşlary ýerine ýetirmekden, pars dilindäki ýaňyltmaçlary gaýtalamakdan we pars dilindäki multfilmleri seslendirmekden ybarat bolup, bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji hökmünde saýlanan toparyň mugallymyna sowgat hökmünde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň nyşany bolan terme atly Eýranyň milli saçagy gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ähli mugallymlara we pars dilini öwrenijilerine bolsa Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

5-nji dekabr: Bütindünýä türk kofesi gününde kofeñizi nähili içmek islärsiñiz?

Ata Watan Eserleri

1-3-nji dekabr: Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar