JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri halypa çapyksuwarlaryň toý çapyşygynda ýeňiji boldy

Şu gün Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň
arasynda gadymdan gelýän milli däpdessurlarymyza eýerip, toý çapuwy geçirildi.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan dabaralarynda ussat halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygyna 7 çapuksuwar gatnaşdy. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat şäherinden çapyksuwarlar gatnaşdy.

Bu çapyşyga ahalteke bedewlerine gadyr goýýan, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine wekilçilik edip, häzirki wagtda harby gullugyny geçýän agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewi bilen gatnaş,agy açylyş dabarasynyň şowhunyny has-da belende galdyrdy.

Toý çapuwynda MilLi Liderimiz Daghan atly bedew bilen pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Toý çapuwynda ýeňiji bolan bedewe türkmen el halysynyň atyldy.

Şeýle hem dabarada ussat halypa çapyksuwarlaryň çapyşygynda ýeňiji bolan türkmen halkynyň Milli Liderine gymmat bahaly awtoulag sowgat edildi.

Milli Liderimizden bu awtoulagy agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän harby bölümine bermek baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, bu awtoulagy Türkmenistanyň goranmak ministri hormatly Prezidentimizden kabul edip aldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitine gatnaşar

Elektromobil önümçiligi juda ýakynda goňşularymyzda

vepa

Türkmenistan’dan Ürdün’e taziye mesajı

vepa