JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli giňden geçirilýän dabaralara gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Türkiýeli işewür Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Şeýle hem ol Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi. Türkiýeli işewür ata Watany Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ýurduň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralaryň giňden geçirilýän günlerinde myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toý şatlygymyzy paýlaşmaga gelendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda yzygiderli ösdürildi.

Duşuşygyň dowamynda Ahmet Çalyk Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýdyp, ýetilýän bu belent sepgitleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Related posts

Türkmenistan: Owganystandaky ilçihanamyz işleýär

Ata Watan Eserleri

Bulaşıcı Hastalıklarla Mücadele Programı kabul edildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministri bilen duşuşdy