Türk dünýäsiniň hukuk ulgamyndaky ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2026-njy ýylyň 3–4-nji noýabrynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda ýerleşýän Lefkoşa şäherinde 2-nji Türk Döwletleri Halkara Hukuk Kongresi geçiriler.
Kongres dürli ýurtlardan hukuk alymlaryny, mugallymlary, gözlegçileri we hukuk amalyýeti bilen meşgullanýan hünärmenleri bir ýere jemläp, türk döwletleriniň hukuk ulgamlaryndaky häzirki zaman meselelerini ylmy nukdaýnazardan ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.
Kongresiň Ylmy geňeşi Türkiýäniň meşhur hukuk alymy, professor Dr. Yener Ünveriň ýolbaşçylygynda döredildi. Geňeşiň agzalarynyň arasynda Türkmenistandan Dr. Dovran Orazgylyjowyň hem bar.
Hukugyň köp ugurlary boýunça çykyşlar kabul edilýär
Kongresiň çäklerinde hukuk ylmynyň dürli ugurlary boýunça ylmy çykyşlar we makalalar hödürlenip biler. Esasy mowzuklar şulary öz içine alýar:
Daşky gurşawyň hapalanmagynyň saglyga täsiri we hukuk meseleleri;
Emeli tohumlandyrma usullary we daşaýjy ene (surrogasiýa) hukugy;
Araçylyk (Mediasiýa);
Hukukda emeli aň (Artificial Intelligence and Law);
Intellektual eýeçilik hukugy;
Hukuk döwleti ýörelgeleri;
Türk halklaryna degişli şahslaryň zähmet hukuklary;
Bosgunçylyk we migrasiýa hukugy;
Energetika hukugy;
Ulag we ätiýaçlandyryş hukugy;
Howpsuzlyk hukugy;
Bilelikdäki bilim hukugy;
Çaga we maşgala hukugy;
Mugt hukuk kömegi;
Türk döwletleriniň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlaryň hukugy;
Türk döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň hukuk binýady.
Guramaçylar bu mowzuklaryň häzirki wagtda diňe bir aýry-aýry ýurtlar üçin däl, eýsem bütin türk dünýäsiniň ösüşi üçin hem möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler.
Tezisleri tabşyrmagyň soňky möhleti – 10-njy sentýabr
Kongrese gatnaşmak isleýän alymlar we gözlegçiler 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabryna çenli öz çykyşlarynyň gysgaça beýanyny (tezisini) guramaçylyk toparyna ugradyp bilerler.
Kongres diňe bir ylmy çykyşlar üçin meýdança bolman, eýsem dürli türk döwletlerinden gelen hukukçylaryň tejribe alyşmagyna, bilelikdäki ylmy taslamalaryň döremegine we geljekki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly mümkinçilik döreder.
Türk dünýäsiniň hukuk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm çäre
Soňky ýyllarda türk döwletleriniň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy bilen bir hatarda hukuk ulgamyndaky ylmy gatnaşyklar hem barha giňelýär. Şunuň bilen baglylykda geçiriljek 2-nji Türk Döwletleri Halkara Hukuk Kongresi umumy hukuk düşünjesiniň ösdürilmegine, ylmy tejribeleriň paýlaşylmagyna hem-de geljekki bilelikdäki gözlegleriň esasynyň goýulmagyna goşant goşmagyna garaşylýar.
