Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün ýakymly pursatlar we täze mümkinçilikler ýüze çykar. Irden döredijilikli çemeleşmäni talap edýän täze işlere başlamak üçin amatly pursatdyr. Emma işewür gepleşiklerde seresap boluň pikiriňizi örän gönümel, hatda gödek görnüşde beýan edip bilersiňiz. Munuň netijesinde ýolbaşçy ýa-da siziň üçin möhüm bolan hyzmatdaş bilen düşünişmezlik döremegi mümkin.Günüň ortasynda işjeňligi biraz peseltmek maslahat berilýär. Täze meselelerden has-da ozal başlan işleri tamamlaga üns beriň. Täze ýagdaýlara düşünmek kyn bolup biler, üstesine-de maslahat berjek adam tapylmaz.Günüň ikinji ýarymynda şatlykly habarlar geler. Bu habarlar diňe bir siziň däl, eýsem maşgala agzalaryňyz üçin hem möhüm bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün dartgynly pursatlar köp bolup olar durmuşyň dürli ugurlarynda ýüze çykyp biler. Hususan-da ýolbaşçy bilen düşünişmezlikler işiňize päsgel bermegi mümkin.Şeýle hem şahsy duýgularyňyzy iş meselelerine gatyşdyrmaň. Kimdir birine bolan söýgi ýa-da nägilelik iş bilen bagly çözgütleriňize täsir etmeli däldir. Şeýle çemeleşme ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrmaz.Günüň ortasy, aýratyn-da möhüm duşuşyklary ýa-da şertnamalary meýilleşdiren Sowurlar üçin çylşyrymly bolup biler. Wakalar garaşyşyňyz ýaly gitmez, şonuň üçin täze çözgütleri gözlemeli bolarsyňyz. Ilkibaşda bu sizi begendirmese-de, soň bu üýtgeşmeleriň siziň peýdaňyza bolandygyna göz ýetirersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda söýýän adamyňyz size garaşylmadyk, ýakymly sowgat taýýarlap biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siziň üçin örän üstünlikli geçer. Ozal ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmäge, çylşyrymly meseleleri çözmäge we täze işlere üstünlikli başlamaga mümkinçilik dörär. Ilkinji netijeleri hem uzak garaşdyrmaz.
Köne dostlaryňyz ýa-da öň gowy gatnaşyk saklan adamlaryňyz ýene-de habarlaşyp bilerler. Olar gyzykly şol sanda iş bilen bagly peýdaly teklipleri hödürläp bilerler.Şahsy taslamalaryň üstünde işleýän Jöwzalar aýratyn üstünlik gazanarlar. Daş-töwerekdäkiler näçe az gatyşsa, işleriňiz şonça-da üstünlikli ilerler.
Agşam açyk we ynamly söhbetdeşlik geçirmek üçin iň amatly wagtdyr. Öz duýgularyňyza düşünip, söýýän adamyňyzyň içki dünýäsine has ýakynlaşarsyňyz. Geljek baradaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak ýeňil bolar.Şeýle hem saglygyňyza üns bermek peýdaly bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň ilkinji ýarymynda bolup geçjek wakalara aýratyn üns beriň. Ilki bilen olar möhüm däl ýaly görünse-de geljekde uly özgerişleriň başlangyjy bolup biler. Bu esasanam iş durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin irden tanyşjak adamyňyz ýakyn wagtda ygtybarly hyzmatdaşyňyza, ýolbaşçyňyza ýa-da iş berijiňize öwrülmegi mümkin.Günortana çenli käbir Seretanlar maliýe bilen baglanyşykly dogry çözgütleri kabul etmäge kömek etjek möhüm maglumatlary alarlar. Şeýle-de bu maglumatlar satyn aljak zatlaryňyzy meýilleşdirmäge ýa-da ýakyn geljekde maliýe serişdeleriňizi nirä gönükdirjekdigiňizi kesgitlemäge ýardam eder.Bu wagt ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz hem örän üstünlikli bolar. Ujypsyz düşünişmezlikler ýüze çyksa-da siz oňyn keýpde bolarsyňyz we hemmäniň göwnünden turjak çözgüdi tiz taparsyňyz. Ozal uly ýaşly maşgala agzalary bilen jedeller köp bolan bolsa, bu gezek olar bilen düşünişmegiň ýoluny taparsyňyz.Günüň ikinji ýarymy biraz çylşyrymly geçip biler, esasanam işinde üstünlik gazanmaga çalyşýan Seretanlar üçin. Kärdeşler ýa-da ýolbaşçy bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Käbir adamlar sizi tankytlap ýa-da öňki usulyňyzy üýtgetmegi maslahat berip bilerler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün, aýratyn-da maliýe babatda uly töwekgelçilik etmek maslahat berilmeýär. Girdejili ýaly görünýän ýöne howply tekliplere ynanmaň. Öň meýilleşdirilmedik iri geleşikleri baglaşmak ýa-da gowy tanamaýan adamlaryňyz bilen hyzmatdaşlyga başlamak hem ýerlikli bolmaz. Islendik möhüm karardan öň maglumatlary içgin öwreniň ähli oňyn we ýaramaz taraplaryny seljeriň hem-de içki duýgyňyza gulak asyň. Hut duýgyňyz sizi ýalňyş ädimden gorap biler.Günüň ikinji ýarymynda köne meseleler ýene-de ýadyňyza düşmegi mümkin. Olary çözmekde başgalaryň kömegine kän bil baglaman öz bilimiňize we tejribäňize daýanmaly bolarsyňyz. Bu diňe işde däl eýsem şahsy durmuşda we öý-hojalyk meselelerinde hem şeýle bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň başynda siziň pikirleriňizi goldajak we meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga kömek etjek adamlar tapylar. Bu gün hünärde ösüş gazanmagy maksat edinýän Sünbüleler üçin aýratyn amatlydyr. Öz mümkinçilikleriňizi görkezmäge we başarnygyňyzy subut etmäge amatly pursaty elden gidirmäň.Şeýle hem başgalaryň başarmadyk çylşyrymly meselesini üstünlikli çözmegiňiz mümkin. Bu bolsa öň sizi pes bahalandyran adamlaryň pikirini düýpgöter üýtgeder. Ýakyn wagtda şol adamlaryň özleri hyzmatdaşlyk barada gyzykly teklip bilen ýüz tutup bilerler. Şeýle-de bolsa jogap bermäge howlukmaň. Sebäbi geljekki netijä diňe iş şertleri däl, eýsem şahsy gatnaşyklaryňyz hem täsir eder.Şahsy durmuşda gün umuman şowly geçer. Maşgala agzalaryňyz bilen bilelikde peýdaly we gyzykly işler bilen meşgullanmak gatnaşyklaryňyzy has-da berkider. Şeýle pursatlar öňki düşünişmezlikleri ýatdan çykarmaga kömek edip uzak wagtlap ýatda galjak ýakymly ýatlamalary bagyşlar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün örän aladaly geçse-de umuman alanyňda şowly bolar.Köp Mizanlar üçin içki duýgy iň kyn ýagdaýlardan çykalga tapmaga ýardam eder. Hatda başgalaryň çözüp bilmedik meselelerini hem üstünlikli çözmegiňiz mümkin.Günüň ilkinji ýarymy ýakymly duşuşyklary wada berýär. Bu döwürde ýa-da öňden tanaýan we hormat goýýan adamlaryňyz bilen duşuşarsyňyz ýa-da täze tanyşan adamyňyz ilkinji pursatdan sizde oňyn täsir galdyrar. Şeýle tanyşlyk işewür hyzmatdaşlyga, dostluga ýa-da romantik gatnaşyga öwrülmegi mümkin. Bu bolsa esasan hem öz islegleriňize bagly bolar.Irki sagatlar köpçüligiň öňünde çykyş etmek, hünär duşuşyklaryna gatnaşmak we gazanan üstünlikleriňizi paýlaşmak üçin amatlydyr. Günüň ikinji ýarymynda bolsa gündelik işleri tamamlamak öňden bäri çözülmän gelýän meseleleri ýerine ýetirmek aňsat bolar. Käbir Mizanlar resminamalary resmileşdirmek ýa-da döwlet edaralaryndaky işlerini üstünlikli tamamlap bilerler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň başyny mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga çalşyň, esasanam öňüňizde köp iş bar bolsa. Irki sagatlar hem işde, hem-de ruhy taýdan örän amatly bolar. Siz ileri tutulýan işleri dogry kesgitläp ähli zady meýilnama laýyk alyp barmagy başararsyňyz.Emma günüň ortalarynda ýagdaý biraz çylşyrymlaşar. Garaşylmadyk wakalar we biderek aladalar sebäpli meýilleşdirilen işleri doly ýerine ýetirmek kynlaşar. Agşam bolsa sizi ýakymly duşuşyk garaşýar. Uzak wagt bäri görmedik adamyňyz bilen duşuşyp wagtyňyzy şatlykly geçirersiňiz. Gyzykly söhbetdeşlik arkaly birek-biregi has gowy tanarsyňyz.
Bilelikde ýerine ýetirilen işler gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder. Bu wagtda jedeller ýa-da düşünişmezlikler üçin hiç hili sebäp bolmaz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün aýratyn-da irden iş keýpine girmek aňsat bolmaz. Daş-töwerekdäkiler sizden oýlanyşykly hereketlere garaşarlar emma siz olaryň garaşýanlaryny ýerine ýetirmekden gaça durmaga ýykgyn edersiňiz. Köp Kowuslar ähli işleri bir gyra goýup biraz dynç almagy arzuw ederler.Günüň ortalaryndan başlap ýagdaý kem-kemden gowulaşar. Keýpiňiz durnuklaşyp işlere has jogapkärçilikli çemeleşersiňiz. Käbir Kowuslar hatda uly höwes bilen täze wezipeleri ýerine ýetirip başlarlar.Bu wagt işewür gepleşikler üçin örän amatlydyr. Siz özüňizi ynamly görkezersiňiz dogry sözleri taparsyňyz we ynandyryjy delilleri getirersiňiz. Ozal size ynanmaýan adamlar hem hut siziň ygtybarly hyzmatdaş bolup biljekdigiňize göz ýetirerler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Günüň başynda iň möhüm işleriňize girişmek islegiňiz bolar. Bu döwür örän amatly geçer şonuň üçin ýyldyzlaryň goldawyndan peýdalanyp jogapkärçilikli meseleleri çözmäge synanyşyň. Siz bilen düşünişmegi kyn bolan adamlar bilen hem umumy dil tapyp, olary hyzmatdaşlyga çekmegi başararsyňyz. Munuň sebäbi diňe bir güýçli içki duýgyňyz däl, eýsem baý tejribäňiz hem bolar. Haýsy ýagdaýda nähili hereket etmelidigini dogry saýlap, iň täsirli strategiýany ulanyp bilersiňiz.Günüň ortalarynda mümkinçilik bolsa, biraz dynç alyň. Aladalardan wagtlaýyn daşlaşyp, göwnüňizi göterýän zatlar bilen meşgullanyň. Şeýle gysga arakesme size täzeden güýç ýygnamaga kömek eder. Ýogsam çalt ýadap, ilki ownuk, soňra bolsa has çynlakaý ýalňyşlyklary goýbermegiňiz mümkin.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň başy birneme aladaly bolsa-da umuman ýakymly geçer. Wakalar meýilnamaňyza doly laýyk gelmese-de bu ýagdaý sizi gynandyrmaz. Gaýtam içgysgynç işleri yza goýup özüňize has gyzykly görünýän işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik döreder.Täze tanyş ýa-da öň hyzmatdaşlyk eden adamyňyz bilen duşuşyk üstünlikli geçer. Birek-birege aňsatlyk bilen düşünişersiňiz we bilelikdäki meýilnamalar boýunça ylalaşyga gelersiňiz. Şeýle hem iş bilen bagly örän gyzykly teklipleri almak ähtimallygy ýokarydyr. Döredijilik, sungat, medeniýet ýa-da bilim ulgamynda işleýän Daluwlar üçin günüň ilkinji ýarymy aýratyn şowly bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň ilkinji ýarymyny öňden bäri meýilleşdiren maksatlaryňyzy amala aşyrmak ýa-da möhüm meseleleri çözmek üçin peýdalanyň. Şertler siziň peýdaňyza emele geler. Öň meýilleşdiren işleriňizi dowam etdirip bilersiňiz ýa-da düýbünden täze işe üstünlikli başlap bilersiňiz. Ýyldyzlar bu gün size goldaw berer.
Şeýle hem kärdeşleriňiziň täze tanyşlaryňyzyň ýa-da köne dostlaryňyzyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlar tapylar. Olar käbir wezipeleri öz üstüne alyp, maksadyňyza has çalt ýetmegiňize kömek ederler.Şahsy gatnaşyklarda bolsa hemme zat oňat bolmazlygy mümkin. Gündelik öý işleri sebäpli söýýän adamyňyz bilen düşünişmezlikler we jedeller ýüze çykyp biler. Birek-birege nägileligiňizi duýdansyz beýan etmegiňiz gatnaşyklaryňyza ýaramaz täsir edip biler. Şonuň üçin sabyrly bolmaga çalşyň. Dörän düşünişmezlikleri aradan aýyrmak we öňki sazlaşygy dikeltmek üçin azajyk tagalla etmeli bolarsyňyz.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
