Şu gün gadymy Mary topragynda nebitgaz pudagy üçin taryhy wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Suesýanyň gatnaşmagynda dünýäniň iň iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berildi. Bu dabaralara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, düýn hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.
Şonuň netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu tapgyrda 30-a golaý guýunyň burawlanmagy meýilleşdirilýär.
Ilkinji burawlanjak guýunyň işina ak pata berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Suesýan täze tapgyryň düýbüni tutup, iri gaz taslamasyna badalga berdi.
