Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri kemala getirmek, bilim işiniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen ders bäsleşikleri bilen birlikde, döwrüň talabyna laýyklykda robototehnika, ylmy-döredijilik taslamalary boýunça bäsleşikler guraldy. Materiallaryň garşylygy, nazary mehanika dersleri boýunça V Açyk halkara internet olimpiadalary, VI Açyk halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde medallaryň 410-syny gazandylar.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejeriş çäreleri amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” tassyklanyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary kesgitlenildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
