BIZNES

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda, ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär