BILIM

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da artdyrmak, milli intellektual eýeçilik ulgamynyň hukuk binýadyny halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti intellektual eýeçilik hakyndaky Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar