DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda geçirilen duşuşyklar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Stiwen Konlon bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň orny barada nygtaldy.

***

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar kanagatlanma bilen bellenilip, migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikde amala aşyrylýan çäreler we giň mümkinçilikler barada nygtaldy.

***

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar