Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün kynçylyksyz geçmez ýaly. Iş ýerinde düşünişmezlikler, ýolbaşçylar ýa-da kärdeşler bilen jedeller ýüze çykyp biler. Ozal gowy gatnaşygyňyz bolan adamlar hem şu gün sowukrak bolup bilerler. Köne ylalaşyklar uzak wagtlyk hyzmatdaşlaryň arasynda düşünişmezlik döremegi mümkin. Şonuň üçin möhüm kararlar kabul etmek üçin amatly gün däl.Şahsy gatnaşyklarda bolsa oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Ýakynlaryňyzdan goldaw sorasaňyz, hökman alarsyňyz. Käbirleri kynçylyk çekýändigiňizi görüp, özleri hem kömek teklip ederler.Günüň ikinji ýarymy romantik gatnaşyklar üçin aýratyn amatly bolar. Täze tanyşlyklar we ýakymly duşuşyklar mümkin.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Şowlulyk siziň tarapyňyzda. Uzak wagt bäri meýilleşdiren zatlaryňyzy amala aşyrmak üçin amatly pursat. Strategiýa düzýänler, ýolbaşçylyk edýänler ýa-da döredijilik bilen meşgullanýanlar aýratyn üstünlik gazanyp bilerler. Ýöne başga biriniň tabşyryklaryny ýerine ýetirýänler hem täze hyzmatdaş tapyp, öz ýagdaýyny berkitmäge mümkinçilik alarlar. Käbir Sowurlar girdejini artdyrmagyň ýoluny taparlar.Duýgurlygyňyza ynanyň ol size dogry karary kabul etmäge kömek eder. Häzirki wagtda başlan iş gatnaşyklaryňyz geljekde romantik gatnaşyga öwrülmegi mümkin.Şahsy durmuşda hem oňyn ýagdaýlar dowam eder. Duşuşyga barýan Sowurlar garaşylýandan has gowy netijä garaşyp bilerler.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Adaty bolmadyk ukybyňyz şu gün esasy artykmaçlygyňyz bolar. Başgalaryň başaryp bilmedik meselelerini çözmek mümkinçiligiňiz bolar. Şowluly ýagdaýlaryňyz möhüm maksayňyza has çalt ýetmäge ýol görkezer. Duýgurlygyňyza aýratyn üns beriň ol sizi köp kynçylyklardan gorar.Maliýe taýdan ýagdaý birneme çylşyrymly bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylar ýa-da ýitgiler mümkin. Uly satyn alyşlary başga güne goýmak maslahat berilýär.Romantik gatnaşyklar bolsa üstünlikli bolar. Söýgüliňiz bilen düşünişmek aňsatlaşar. Täze tanyşlyga açyk bolanlar bolsa öz ykbalyny tapyp bilerler.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Günüň birinji ýarymynda wagty biderek harçlamaň. Oňyn ýagdaýlardan peýdalanyp möhüm meseleleri çözmek mümkin. Adamlar bilen düşünişmek ýeňil bolar we täze hyzmatdaşlyk başlap biler. Käbirlerine arzuw eden işini teklip edilmegi mümkin.Emma kärdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen dartgynly pursatlar ýüze çykmagy mümkin.Güniň ikinji ýarymynda pul bilen bagly meselelerde seresap boluň. Şowsuz satyn alyşlar ýa-da tölegleriň gijikmegi mümkin. Emma bu kynçylyklar wagtlaýyn bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Sizi gyzyklandyrýan we geljegi bolan işe ünsi jemlemek mümkinçiligi dörär. Bu gün hünär ugrunda üýtgeşmeler, täze hyzmatdaşlar tapmak üçin amatly. Käbir Esetler täze ugurda çalt üstünlik gazanyp, başgalary haýran galdyrar. Emma gabanjaňlykdan ägä boluň gazanan üstünlikleriňizi kimdir biriniň göwnünden turman biler.Günüň ikinji ýarymynda täze, üýtgeşik adamlar bilen tanyşmak mümkinçiligi bolar. Romantik gatnaşyklaryň başlanmagy hem mümkin.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Günüň başy amatly görner, ýöne aşa optimizm kynçylyk döredip biler. Käbir meseleleri ýeke özüňiz çözmeli bolarsyňyz. Pul we emläk bilen bagly ýagdaýlarda diňe öz tejribäňize ynanyň.Günüň ikinji ýarymy maşgala işleri we ýakynlara kömek etmek üçin amatly. Dostlar we söýgüliňiz bilen duşuşmaga hem wagt tapylar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Gereksiz töwekgelçilikden gaça dursaňyz, gün erbet bolmaz. Hünär babatda ýagdaý düşnüksiz bolup size biraz sabyr gerek bolar.Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlik ýüze çykyp biler. Köne öýke-kineler ýadyňyza düşmegi mümkin. Ýagdaýy çalt aýdyňlaşdyrmaga çalşyň.Köne ýalňyşlary düzetmek üçin wagt gerek bolar, ýöne bu tejribe geljekde peýdaly bolar. Iş duşuşyklary täze tanyşlyk getirer.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün iş we peýdaly işler üçin amatly. Ozal başarmadyk zatlaryňyzy ýerine ýetirip bilersiňiz. Duýgurlygyňyz size dogry ýol görkezer.Täze peýdaly tanyşlyklar we iş gepleşikleri üstünlikli geçer. Hatda öň düşünişip bilmedik adamlaryňyz bilen hem dil tapyşarsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda ownuk sebäpler bilen gaharlanmaň. Agşama çenli ähli düşünişmezlikleri çözmek mümkin bolar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Sizi güýçli garşydaşlar bilen göreş garaşýar. Hile we akylly strategiýa ýeňiş getirer. Duýgurlygyňyz size dogry ýol görkeziji bolar.Emma aragatnaşyk taýdan birneme kyn gün. Maşgala düşünişmezlikleri güýçlenip biler.
Möhüm işleri günüň birinji ýarymyna meýilleşdiriň. Ikinji ýarym bolsa dynç alyş we ýakynlara sowgat taýýarlamak üçin amatly.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Köp işi üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Täze hyzmatdaşlar taparsyňyz. Iş babatda gyzykly teklipler bolup biler, ýöne karar bermezden öň maglumat ýygnamak maslahat berilýär.Möhüm meseleleri resmi däl ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak peýdaly bolar. Maşgala agzalaryny gowy habarlar garaşýar. Öý çäreleri we kiçi baýramçylyklar üçin amatly gün.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Howlukmaň. Sabyr bilen hereket etseňiz, maksatlaryňyza has ýeňil ýetersiňiz. Öň alan bilimiňiz kyn ýagdaýda kömek eder. Duýgurlygyňyz maliýe taýdan ýalňyş ädimlerden goraraň.Günüň ikinji ýarymy täze maglumat ýa-da möhüm açyş mümkin bolar. Soňky döwürdäki meseleleriňiziň sebäbini taparsyňyz.Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk bolar. Agşamky romantik duşuşyklar üstünlikli geçer.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Käbir zatlar garaşyşyňyz ýaly bolmaz. Garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Duýgularyňyzy dolandyryp bilseňiz, dogry çözgüt taparsyňyz.Dostlaryňyz hemişe ýanyňyzda bolar. Syýahatlar we ýagdaýyň üýtgemegi peýdaly bolar. Täze ruhlandyryjy çeşme tapmak mümkin.Ýakynlaryňyz bilen aç-açan gepleşiň. Günüň ikinji ýarymy söýgüliňize ýakymly sowgat ýa-da duýgyňyzy beýan etmek üçin amatly.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
