BIZNES

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliard 527.1 million kubmetr tebigy gaz we 8 million 382.3 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy  Döwletgeldi Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527.1 million kubmetr tebigy gaz we 8 million 382.3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, kerosiniň öndürilişi 5.4 göterim, benziniň öndürilişi 6.2 göterim, nebin bitumynyň öndürilişi 26.4 göterim, suwuklandyrylan ugleworod gazlarynyň öndürilişi 5.2 göterim ýokarlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler