SPORT

Nani Gazagystanda oýnar

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi bolan Nani Gazagystanyň “Aktobe” futbol klubunyň futbolçysy boldy. Bu barada türgen öz “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi.

— Men “Aktobe” klubuna goşulýandygyma örän begenýärin we klubyň hem-de Gazagystandaky futbolyň ösüşine öz goşandymy goşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Klubyň geljege bolan garaýşy mende örän uly täsir galdyrdy, biz hem ýurtda, hem-de halkara derejesinde täze belentliklere çykmak üçin tutanýerli zähmet çekerin, — diýip Nani belledi.

Futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2026-njy ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir.

Nani häzir 39 ýaşynda. Ol 2024-nji ýylyň dekabrynda Portugaliýanyň “Eştrela Amadora” klubundan gidip, professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi. Nani Angliýanyň dört gezek çempiony, Angliýanyň Superkubogynyň ýeňijisi bolup, Angliýanyň Liga kubogyny iki gezek gazandy.

Şeýle hem “Mançester Ýunaýted” bilen Çempionlar ligasynyň we Klublaryň dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. “Sporting” klubunyň düzüminde bolsa Portugaliýanyň Kubogyny üç gezek, Liga kubogyny bir gezek gazandy.

“Aktobe” kluby Gazagystan çempionatynyň soňky möwsüminde bäşinji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine täze ýolbaşçy saýlandy

Ronaldo futbol bilen hoşlaşýarmy?

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi