Türkmenistan halky tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde, 2026-njy ýyla gadam basdy. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde taryhyň sahypalarynda öz ornuny aldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halky 2026-njy ýyl – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylady.
2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder.
Şeýle hem halkara syýasat babatda hem möhüm ýyllaryň biri bolar. Türkmenistan döwletimiz 1-nji ýanwardan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna başlyklyk eder.
Tamamlanan 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralanan ýyly boldy. Geçen ýylda köp sanly halkara forumlar hem-de maslahatlar geçirildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty uly üstünliklere beslendi.
Täze ýylyň dabaralary “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň daş-töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Täze ýyl teleköprüsi arkaly Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, häkimler, Arkadag şäheriniň we ähli welaýatlaryň hormata mynasyp ýaşaýjylary, elbetde, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary döwlet Baştutanymyzy we ähli ildeşlerimizi Täze ýyl bilen gutladylar.
Teleköpriniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen çykyş etdi.
Sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we baýramçylyk feýerwerki öwşün atdy.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!!!
