SIZDEN GELENLER

Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Dekabr aýynda agzybir halkymyz Garaşsyzlykdan soňra ikinji uly baýramçylygymyz  — hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygyny dünýäniň dürli künjeklerinden geljek myhmanlar bilen bilelikde, örän ýokary derejede toýlar. Geçmişde şöhraty dünýä dolan ata Watanymyza ýene-de şan beren, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, durnukly ösüş ýoluny has-da nurlandyran hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynda ilkinji gezek ykrar edilen taryhy senesi — 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni bilen, bu aý milli senenamamyzda iň möhüm wakalara baýdygy, ýylyň jemidigi, taryhyň ýeneki bir menziliniň, täze ýylyň badalgasydygy nukdaýnazardan aýratyn ähmiýete eýedir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr aýy ozalky ýyllardakydan has üýtgeşik, has many-mazmunly bolar. Çünki biz bu aýda tutuş ýylyň dowamynda ruhubelentlik bilen uly taýýarlyk görlen uly toýy — baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý senesini giňden baýram edýäris.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň berkarar döwletliliginiň goşa ganatydyr.

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat eýýämden toý keşbinde, baýramçylyk ruhunda! Aýratyn arzylanylýan taryhy senede — 12-nji dekabrda ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýan baş şäherimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek iri halkara forum Aşgabatda Bitaraplyk zolagynyň açylyşy, sergiler, durky täzelenen Bitaraplyk binasyna we «Abadançylyk» binasyna gül goýulmagy, baýramçylyk konserti we feýerwerki ýaly, uly toýuň dabaraly çäreleri bilen utgaşar. Ol şanly ýylyň iň möhüm wakasy bolup, bütin dünýäniň nazaryny ýene bir ýola Bitarap Türkmenistana gönükdirer.

Dünýäniň syýasy kartasynda halkara bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we häzirki wagta çenli ýeke-täk hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet ― Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan peýda boldy. Ata Watanymyz sebitde we tutuş dünýäde özüniň saýlap alan bu asylly ýol-ýörelgesini Döwlet nyşanlarynda ebedileşdirdi, Türkmenistanyň ýaşyl Tugunda parahatçylyga, agzybirlige hem abadançylyga bolan synmaz erkiň nyşany ― zeýtun baldagy peýda boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, milli kanunçylygymyza hem degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda, 2015-nji ýylda hem-de 2025-nji ýylda şeýle Kararnamalaryň gaýtadan kabul edilmegi bolsa, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde uly abraý-ynama eýedigini, ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýynyň uly gyzyklanma we goldawa eýe bolýandygyny şöhlelendirdi.

Bitaraplyk — bu Türkmenistanyň uzakmöhletleýin strategik daşary syýasat ugry, beýleki döwletler bilen gatnaşyklary babatyndaky kämil ýörelgesi bolup durýar. Ýurdumyzyň bu syýasaty Merkezi Aziýada hem-de onuň daşynda ynanyşmak, özara düşünişmek, dostlukly goňşuçylyk ýagdaýlarynyň kemala gelmegine täsir ediji guraldyr.

Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň şaýady bolup, tutanýerlilik bilen zähmet çekýär, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň haýsy ulgamyny alsaňam, onuň belent derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Muňa durmuşyň dürli ugurlarynda durmuşa geçirilen özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Çünki halkymyzyň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän Bitaraplyk türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ol aýratyn buýsanja öwrüldi. Şonuň üçinem bitaraplyk ýörelgeleri esasynda daşary ýurtlar we iri halkara guramalar bilen alnyp barylýan gatnaşyklar dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny barha artdyrýar.

Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen eziz Watanymyz ösüş arkaly parahatçylygy üpjün etmek, dialog arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, ynanyşmagy berkitmek arkaly halklaryň abadançylygyny we gülläp ösüşini gazanmagyň mümkindigi baradaky ýol-ýörelge bilen öňe ilerleýär. Şeýle bagtyýar günlere ýetiren, Watanymyzyň halkara abraýyny Ýer ýüzünde belende göteren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Maral Gulmyradowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

Bitaraplyk – türkmeniň buýsançly ýoly

Bitaraplyk-beýik başlangyçlara badalga

Bitaraplyk – beýik bagt

Türkmen Bitaraplygy – abadançylygyň kepili

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – ösüşiň binýady

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk — parahatçylygyň binýady

Ata Watan Eserleri