DÜNÝÄ

Jakarta dünýäniň iň uly megapolisi boldy

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta dünýäniň iň uly şäherleriniň sanawynda birinji orna çykdy we Tokiodan öňe geçdi diýip, metbugat neşirleri habar berýär.

BMG-niň täze “World Urbanization Prospects 2025” hasabatynda Jakartanyň ilatynyň 42 million adama ýetendigi aýdylýar. Bu şäherden soň, sanawda Bangladeşiň Dakka (40 million) we Tokio (33 million) şäherleri gelýär. BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagtda ýer ýüzüniň sekiz milliarddan geçýän ilatynyň ýarysy şäherlerde ýaşaýar.

“Şäher ilatynyň sany 1950-nji ýyldan bäri iki esse artdy, şol döwürde 2,5 milliard adamyň diňe 20 göterimi şäherlerde ýaşaýardy” diýlip hasabatda aýdylýar.

Ilaty 10 milliondan geçýän megapolisleriň sany aýratyn çalt artýar: soňky 50 ýylda olaryň sany sekizden 33-e çenli ýokarlandy, şonuň 19-sy Aziýada ýerleşýär. Ilkinji 10-lykda orun alan we  Aziýa sebitine degişli däl şäherleriň biri hem Kairdir.

BMG-niň çaklamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli ilaty 10 milliondan köp bolan megapolisleriň sany 37-ä ýetmeli. Bu sanawa Efiopiýadaky Addis-Abeba, Tanzaniýadaky Dar-es-Salam, Hindistandaky Hajipur we Malaýziýadaky Kuala-Lumpur goşular. Şol bir wagtyň özünde, käbir iri şäherler — Meksiko we Çendu — hasabatdaky maglumata görä, ilaty azalýar.

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy