JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny nygtap, maýa goýum we tehnologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ähmiýeti tassyklanyldy. Şeýle hem, taraplar özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit gün tertibiniň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Tokioda “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

«Awaza»: öňünden myhmanhanalardan ýa-da kottejlerden ýer bellemek mümkinçiligi