DÜNÝÄ

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Baku gämi gurluşyk zawodunda Türkmenistana sowgat beriljek nebit daşaýan tanker gurulýar. Bu barada Azerbayjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Alekperow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gäminiň ýük göterijiligi 8 müň tonna barabar bolar.

“Gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly. Azerbayjanyň Hazar deňzindäki iň uly söwda floty bar. Baku gämi gurluşyk zawodynyň ähli görnüşli gämileri öndürmäge mümkinçiligi bar” diýip, Sahyp Alekperow Türkmenistanda geçirilen Maýa goýum forumynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde Baku gämi gurluşyk zawodunda 8 müň tonna ýük göterijilikli nebit daşaýan tankeriň gurluşygyna başlanyp, ol Türkmenistana sowgat hökmünde berler.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy