Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra ýerine ýetirilen aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp edildi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, ekologik arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Serhet birikmesiniň çäginde harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.