Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolar. Bu döwletli geňeşe il-halkymyz uly buýsanç bilen barýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, bu taryhy wakanyň ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esaslaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy özgertmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatda öňe süren maksatnamalaryny amala aşyrmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň köpugurly işi netijesinde her bir adamyň döredijilikli, gurujylykly zähmeti barada döwlet derejesinde aladalanylýandygy aýdyň ýüze çykýar.
Türkmen halky hemişe döwletli işiň başyny tutjak bolanda ulus-iline geňeş edip, ýaşuly nesle aýratyn hormat goýupdyr, olar bilen hemişe il-ýurt bähbitli işlerini maslahatlaşyp, belli bir karara gelipdir. Bu bolsa döwletli tutumlary halk bilen maslahatlaşmak, oňa sala salmak türkmende öňden gelýän asylly ýol-ýörelgediginiň alamatydyr. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde bu döwletli ýörelgeleriň dowam etdirilýändigini her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şaýatlyk edýär. Oňa jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşyp, döwletli geňeş edýär, il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň şöhratly taryhyna girjek ajaýyp wakalaryň biri boljakdygyna ynanýarys. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, diýarymyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde onuň möhüm ähmiýeti bar. Öňdäki döwletli maslahat Garaşsyzlyk baýramyny uly ruhubelentlikde we joşgunly garşylamaga hem-de geçirmäge özboluşly hyjuw berýär.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Durmuşda maksadalaýyk netije çykarmaly pursatlar iň jogapkärli pursatlardyr. Türkmenlerde bu pursatda köpüň oňlan maslahatyna eýerilýär» diýip, belleýär. Bu çuň manyly jümle her bir döwletli işe maslahatdyr geňeş arkaly badalga beren ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini şöhlelendirýär. Halkyň pikir-paýhasyna uly ähmiýet beren halkymyzyň bu ýoly il agzybirliginiň, jebisligiň, birek-birege bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzda täze ösüşleriň gazanylýan döwri bolup, buýsançly wakalara beslenýär. Durmuş-ykdysady ösüşlere uly üns berilýär, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeniýet merkezleri, stadionlar, şypahanalar, sanly aragatnaşyk ulgamlary, beýleki durmuş-ykdysady desgalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda dünýä derejeli owadan we döwrebap şähere öwrülýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň ulag – üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny özünde jemleýän häzirki zaman üstaşyr-ulag ugurlaryny döretmek maksady bilen, giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygy, ösüş-özgertmelere uly höwes bilen goşulýandyklary bolsa, örän buýsandyryjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarda ägirt uly ösüşleri gazanýar. Nobatdaky Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy hem agzybir türkmen halkynyň ýokary depginli ösüşlere bolan buýsanjyny giňden beýan eder.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli ýörelgeleriň dabaralanmagy, il-günümiziň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary rowaçlyga beslensin!
Şoira Sadylowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.