JEMGYÝET

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

“Makul Sözlük” taslamasy öz gözbaşyny 2019-njy ýylda Amerikanyň tehnologiýa merkezi hasaplanýan Silikon jülgesiniň şäherleriniň biri – Palo Altoda, şeýle-de Stanford uniwersitetine amala aşyran saparymdan alyp gaýdýar. Dünýä belli startaplaryň esaslandyrylan ýerine baranymda mende-de peýdaly bolup biljek bir zady döretmek höwesi döredi. Emma bu näme bolar, diýip köp pikirlendim? Biz “Makul Hyzmat” terjime merkezini esaslandyrypdyk, emma terjimeçilerimiziň peýdalanyp biljek giň göwrümli, döwrebap hem-de elektron görnüşde elýeterli bolan iňlis–türkmen sözlügi ýokdy. Taslamamyz belki ilkinji nobatda girdeji getirmesin, ýöne ilki bize, soňra bolsa jemgyýete peýdaly bolmagyny arzuw etdim. Şu wagta çenli neşir edilen iňlis–türkmen sözlükleriň göwrümleri köplenç ýagdaýda çäklidi.

Türkmen halkynda şeýle bir nakyl bar: “Tamdyr gyzanda ýap” – ýagny, işe girişmegiň iň dogry pursaty, motiwasiýanyň iň ýokary derejede bolan wagtydyr. Men hem şol gyzgynlykda Amerikadaky dostuma jaň edip pikirimi paýlaşdym, soňra-da Türkmenistandaky dostum bilen maslahatlaşdym. Ine, şeýlelikde “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň hemaýatkärliginde bu taslamanyň düýbi tutuldy. Elbetde, meniň mundan ozal, sözlük taýýarlamak boýunça tejribäm ýokdy. Şonuň üçin ilkinji döwürde köp ýalňyşlyklarymyz boldy. Ýöne şol ýalňyşlyklardan sapak alyp, işi has dogry gurnamagy we ýalňyşlyklary mümkin boldugyça azaltmagy öwrenip başladyk. Netijede bolsa, olary iň az derejesine düşürendigimize ynanýarys we bu sözlügi size hödürlemekden buýsanç duýýarys.

Ilkinji taýýarlan iňlis–türkmen sözlük taslamasyny www.makulsozluk.com web sahypamyzda ýerleşdirdik. Sözlügimize bolan gyzyklanmany nazara alyp, esasan hem çagalar üçin suratly sözlük we oýunly sözlük ýaly taslamalary durmuşa geçirdik. Soňra müňlerçe türkmen we iňlis sözleriniň sesini ýazdyk. Şeýdip, “Sesli sözlük” emele geldi. Iki dildäki sözlük, ilki bilen türk dilini, soňra rus dilini goşmak bilen dört dile öwrüldi. Idiomalar, prefiksler, suffiksler we ýüzlerçe iňlis hem-de türkmen dilindäki gepleşik sözlemleri bilen sözlügimizi baýlaşdyrdyk. Soňra bolsa, ilki ýüzlerçe türkmen nakylyny iňlis diline, soňra bolsa şonça iňlis nakylyny türkmen diline terjime edip, web sahypamyza we “Makul Sözlük” goşundylaryna ýerleşdirdik.

Döwür – emeli intellekt döwrüdir! Emeli intellekt entek türkmen dilinde gowy “ýazyp”, “gürläp” we “terjime edip” bilenok. Biz bolsa “Makul Sözlük” bazasyndaky müňlerçe sözleri we sesleri, şeýle hem “Atavatan Media”-nyň

www.atavatan-turkmenistan.com saýtyndaky we beýleki bazalaryndaky on müňlerçe habarlary, wideo habarlary we wideolary emeli intellektiň hyzmatyna berip, onuň türkmen diliniň ösmegine goşant goşmagy maksat edindik.

Şu “Makul Sözlügi” hem emeli intellektiň hyzmatyna berýäris. Üstünlikli aýratynlyk hökmünde bu sözlükde hukuk, lukmançylyk ýaly ýöriteleşdirilen adalgalar bilen birlikde emeli intellekte degişli ýörite sözler hem bar.

Makul Sözlük – Akylly sözlük!

Bu sözlügiň taýýarlanylmagyna köp adamlaryň hyzmaty bar. Olaryň her biriniň zähmetini at-atan sanap geçmesem-de, ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Şu pursatdan peýdalanyp, maşgalam – ýanýoldaşym Dünýägözel Orazgylyjowa hem-de ogullarym Ysmaýyl, Ýusup we Ýunus Orazgylyjowa bu işe beren çäksiz goldawy üçin aýratyn sagbolsun aýdýaryn.

Ahyrkylykda, bizi mähir bilen ösdürip, terbiýelän eziz ejem Akbäbek Orazgylyjowa hem-de aradan çykan dädemiň  hormatyna – Durdygylyç Orazgylyjowa tüýs ýürekden minnetdarlyk we hormat duýgularymy beýan edýärin.

Biz sözlügimizi Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlaýarys.

Bu sözlügi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir etmek bilen, ilki bilen onuň Türkmenistan hem-de ABŞ-nyň arasynda diplomatik, ykdysady, tehnologik, akademik, ynsanperwer we medeni gatnaşyklarda, iki dostlukly halk üçin “dil köprisi” wezipesini ýerine ýetirmegini arzuw edýäris. Türkmen dilini öwrenmek isleýän amerikan halkyna, iňlis dilini kämilleşdirip Amerikada bilim almak we işewürlik, medeni gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýän türkmen halkyna gollanma bolar diýip umyt edýäris. Şeýle hem Amerikada doglan ýa-da ýaş döwründe göçüp gelen ýaş türkmen diasporasy üçin öz ene dilini öwrenmekde peýdaly kitap bolar diýip ynanýarys. Elbetde biz Makul Sözlügi dünýäniň dört künjegindäki Iňlis we Türkmen dillerine gyzyklanma bildirýän okyjylarymyza hödürleýäris.

Siziň eliňizdäki “Makul Sözlük” jemi 16 500 iňlis sözüni we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýär. Bellenişi ýaly, 16 müň söz bir dili akademik derejede öwrenmek üçin ýeterlik hasaplanýar. Biz kämil sözlük taýýarlamak islesek-de, ony size “kämil” diýip hödürlemekden saklanýarys. Sebäbi sözlük hemişe “ýaşaýar”. Şonuň üçin sözlük bilen baglanyşykly maslahatlaryňyzy, tankytlaryňyzy we täze söz teklipleriňizi turkmenlawyer@gmail.com hasabyna ibermegiňizi haýyş edýäris.

Dr. Dowran Orazgylyjow

03 Sentýabr 2025,
Davis, Kaliforniýa, ABŞ

www.turkmenlawyer.com

 

Dr. Dovran Orazgylyjov,  Türkmenistanly hukukçy bolup, 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ygtyýarnamaly hukuk maslahatçysy hökmünde işleýär. Ol şeýle hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyyň esaslandyryjylarynyň biri we baş redaktorydyr. Ol hukuk boýunça bakalawr, magistr we doktorlyk derejesini Türkiýäniň Dokuz Eýlül uniwersitetinden aldy. Mundan başga-da, ABŞ-nyň University of California, Davis hukuk mekdebinden hukuk magistri (LL.M.) derejesini aldy. Şeýle hem Stanford Uniwersiteti  we Johns Hopkins uniwersiteti ýaly dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde gysga möhletli okuwlary tamamlady. Ol Türkiýede neşir edilen “Milletlerarası Doğrudan Yatırımlar Açısından Joint Venture” atly kitabynyň awtorydyr hem-de Türkmenistanda çap edilen “Telekeçilik Işi: Kanunçylyk we Tejribe” atly kitabyň awtorynyň biridir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri