JEMGYÝET

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sergi ýarmarkasyny gurnady

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitap sergisini gurnady. Kitap sergi ýarmarkasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud açyp berdi.

Kitap sergi ýarmarkasynda Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler, iňlis dili we ylym, tehnologiýa, inženeriýa  we matematika ( STEM) boýunça gollanmalar we ABŞ-da okamak boýunça kataloglar ýerleşdirildi we  sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Sergi ýarmarkasyna gatnaşanlar Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatyndan bölekleri okap berdiler şeýle hem iňlis dilinde sözleri harpma-harp dogry aýtmak boýunça «Spelling Bee» bäsleşigi geçirildi.

Kitap sergi ýarmarkasynyň Multimediýa böleginde tanyşdyrylan kitaplara degişli filimler we ýanyna goşulyp okamak üçin sesli kitaplar görkezildi.Soňra bolsa,sergä gatnaşýanlar kitaplar üçin bezelen sahypa belligini ýasadylar.

Kitap sergi ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda  guramaçylar «Spelling Bee» bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlaryny gowşurdylar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan  bu kitap sergi ýarmarkasy türkmen okyjylaryna Amerikan ýazyjylarynyň edebiýatlaryny has hem gowy bilmäge, öwrenmäge öz täsirini ýetirdi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady