TEHNOLOGIÝA

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

2024-nji ýylda dünýäde 17 milliondan gowrak elektromobil satyldy — bu satylan ähli awtoulaglaryň 20%-den gowragy. 2025-nji ýylda bu san 20 milliondan geçip biler. Diýmek, her satylan dördünji awtoulag elektrikli bolar diýip, “Kazinform” agentligi ykdysady barlaglar institutyna (ERI) salgylanyp habar berýär. Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) çaklamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli satylan elektromobilleriň paýy 40%-den geçer.

Elektromobilleriň ösmeginiň esasy sebäbi — bahalaryň peselmegi. Öň olar benzin bilen işleýän awtoulaglardan has gymmatdy, ýöne häzirki wagtda ýagdaý üýtgeýär. Esasan-da Hytaýda bahalar çalt peselýär. 2024-nji ýylda ol ýerde satylan elektromobilleriň üçden iki bölegi şol bir ululykdaky benzinli awtoulaglardan has arzan boldy. Munuň sebäbi ähli bölekleriň — çig mal gazyp almakdan we işlemekden başlap, akkumulýatorlary we awtoulaglary ýygnamaga çenli — içerki önümçiligiň gowy ýola goýulmagydyr. Ýewropada we ABŞ-da elektromobiller heniz heniz gymmat, ýöne tapawut hem bu ýerlerde kem-kemden azalýar. Germaniýada ortaça elektromobil adaty awtoulagdan takmynan 20% gymmat, ABŞ-da bolsa 30%. Ýöne şondan hem elektromobiller ulanyşda has tygşytly: olar bir kilometre 2 esse az energiýa sarp edýärler, öýde zarýad bermek bolsa benzinden ep-esli arzan. Hatda nebitiň bahasy 40 dollara çenli düşse-de, Ýewropada elektromobili ulanmak barybir takmynan 2 esse arzan düşýär.

Dünýä elektromobil rewolýusiýasynyň lideri — Hytaý. 2024-nji ýylda bu ýurtda 11 milliondan gowrak elektromobil satyldy — bu dünýä boýunça ähli satuwlaryň diýen ýaly ýarysydyr. Mundan başga-da, Hytaý daşary ýurtlara 1,25 million elektromobil eksport etdi. Bu bolsa hytaý önümi girýän ýurtlarda elektromobilleriň bahalarynyň ep-esli peselmegine kömek etdi. HEA-nyň çaklamasyna görä, eýýäm 2030-njy ýyla çenli elektromobiller ABŞ-da hem, Ýewropada hem ýük daşamak üçin ykdysady taýdan has peýdaly bolar.

Ýene-de okaň

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar

Gazagystan özüniň superkompýuterini işläp düzdi

“Samsung Galaxy Z Fold 7” we “Z Flip 7” täzelenen modelleri ABŞ-da tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Estoniýa bilen sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlyk eder

Pekinde robotlaryň arasynda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi