SPORT

Türkmenistan bilen Katar futbol hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Kataryň Futbol assosiasiýasy futbol boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasy Kataryň paýtagty Doha şäherindäki Kataryň Futbol assosiasiýasynyň Al-Bidda binasyndaky merkezi edarasynda geçirildi.

Kataryň Futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Jassim ben Raşid Al Buenaýn bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekow degişli ylalaşyga gol çekdiler. Dabara gatnaşanlaryň hatarynda her iki ýurduň futbol guramalarynyň baş sekretarlary Mansur Al-Ansari hem-de Serdar Geldiyew hem bar.

Gol çekilen ylalaşyk Kataryň Futbol assosiasiýasynyň Aziýanyň futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlkygyny giňeltmek hem-de Aziýanyň dostlukly döwletleri boýunça kärdeşleri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda alyp barýan strategiýasynyň nobatdaky ädimine öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler