SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Özbegistan 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Bahreýn Patyşalygynyň, Kuweýt Döwletiniň hem-de Oman Soltanlygynyň raýatlary üçin 30 günlük wizasyz düzgüni girizýär. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň karary bilen ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny 15.8 million ýetirmek maksat edinilýär.

Ýurduň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, syýahatçy akymyny çalt artdyrmak hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyö möçberini giňletmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýylyň ahyryna çenli daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 15,8 million, syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportuny 4 milliard dollara ýetirmek bellenildi.

Şol sanda şu ýylyň dowamynda içerki syýahatçylynyň sany 40 million çenli artdyrylar. Munuň üçin 378 sany täze syýahatçylyk agentlikleriniň işini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Her ýyl noýabr aýynda Halkara syýahatçylyk hepdeligi geçiriler.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy