DÜNÝÄ

Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygy geçiriler

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek halkara derejesindäki has möhüm duşuşyklar barada habar berildi.

R.Meredow ilkinji “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň öňüsyrasynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylaryň ünsi türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusynyň ähmiýetine çekildi. Söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça resmi garaýyşlary beýan edilýär.

Çykyş eden BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Liwiýanyň, Pakistanyň, Malaýziýanyň hem-de Fransiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady utgaşygyny ilerletmekdäki ornuny nygtadylar. Geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, gatnaşyjylar halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de ählumumy we sebitleýin gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlary beýan etmäge mümkinçilik berjek iri halkara çäreleri barada berilen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 2 aýynda 44 duşuşyk guraldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkiýäniň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

YHG-niň ýolbaşçylary Aşgabatdaky sammite çagyryldy

Kanadanyň täze Premýer-ministri – Mark Karni

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi