JEMGYÝETSÖHBETDEŞLIK

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda giň gerimli çärelere badalga berildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bolup, ýurdumyzda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildik. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiziň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli bilen söhbetdeş boldy. Jenap ilçi söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-emirlikler gatnaşyklary, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýete barada gyzykly gürrüňler berdi.

Ine, şol söhbetdeşligi okyjylar köpçüligimiziň dykgatyna ýetirýäris.

1. Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistan arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösýär. Esasan hem söwda we medeni alyş-çalyş ugurlarynda bu gatnaşyklary nähili baha berýärsiňiz?

Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistany taryhy taýdan berk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, bu hem iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň özara saparlary bilen tassyk edilýär. Bu ýagdaý, özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem söwda pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylyşyny görkezýär. 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 1,291 milliard dollara ýetdi.

Iki ýurduň arasyndaky berk ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çäklerinde, BAE Türkmenistanda birnäçe taslamalara goşant goşdy. Olaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüni, Mary şäherindäki çagalar hassahanasyny we Aşgabat şäheriniň “Köşi” ýaşaýyş toplumyndaky Şehitler metjidini görkezmek bolar. Bu desgalar merhum Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan sowgat berildi.

2. Şu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanynyň bitarap syýasatyna nähili baha berýär we bu ýagdaý ikitaraplaýyn gatnaşyklara nähili täsir edýär?

Şu ýyl Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu waka ýurduň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we medeni-ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylygyny aýdyň subutnamasy boldy. Bitaraplyk derejesi sebitleýin we halkara durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşdy.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanynyň Bitaraplyk syýasatyny halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we özara düşünişmezlikleri çözmekde täsirli nusga hökmünde görýär. Türkmenistanynyň Bitaraplygy Merkezi Aziýada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin esasy binýat bolup, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berýär.

Türkmenistanynyň Bitaraplyk syýasaty halkara howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi we durnukly energetika ýaly global meseleleri çözmekde hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanynyň döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we düşünişmezlikleri parahatçylykly çözmek ýörelgesine ygrarlylygy, Birleşen Arap Emirlikleriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi öňe sürýän daşary syýasaty bilen gabat gelýär.

Türkmenistanynyň Bitaraplygy Birleşen Arap Emirlikleri bilen ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistan strategiki ýerleşişi we tebigy baýlyklary bilen tapawutlanýan bolsa, BAE maýa goýum, infrastruktura we gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlarynda ösen tejribä eýedir.

Şeýle hem Türkmenistanynyň Bitaraplygy, Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde we dialogy ösdürmekde oňyn we möhüm orny eýeleýär. Bu bitaraplyk derejesi özara ynama we umumy ösüş konsepsiýasyna esaslanýan durnukly strategik hyzmatdaşlyklaryň döremegine ýardam berýär hem-de Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialog arkaly geljekde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Iki ýurt hem bu çemeleşmä esaslanyp, durnukly ösüşi we sebitleýin durnuklylygy güýçlendirip biler.

Türkmenistanynyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 30 ýyllygy, bu syýasatyň sebitleýin we halkara derejede parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän ornuny nygtamak üçin uly mümkinçilik döredýär. Bu çemeleşme Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen paýlaşýan mäkäm gymmatlyklary görkezip, iki ýurduň dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we geljekde has aýdyň ösüş üçin binýat döretmäge mümkinçilik berýär.

3. Türkmen ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlarynda bilim almagyň mümkinçiliklerine barha uly gyzyklanma bildirýärler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda bilim pudagynda haýsy hyzmatdaşlyk ugurlary pugtalandyrylyp bilner?

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda BAE-niň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim pudagynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasy Abu-Dabide ýerleşýän Kasr Al-Watan köşgünde, BAE-niň Prezidenti, Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyjenaby Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu ähtnama iki ýurduň bilim edaralary tarapyndan berilýän diplomlar we hünär derejeleri baradaky maglumatlary alyş-çalyş etmegi göz öňünde tutýar, bu bolsa olaryň özara ykrar edilmegine mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, ylym maslahatlaryň we seminarlarynyň geçirilmegini, hünärmenleriň, alymlaryň we mugallymlaryň özara saparlaryny hem-de akademiki hil, netijeleri bahalandyrmak usullary we okatmagyň kämilleşdirilen usullary barada maglumat alyş-çalşyny has-da höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Bu tagallalar bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we türkmen ýaşlary üçin BAE-niň bilim edaralarynda bilim almak mümkinçiliklerini döretmäge ýardam edýär.

4. Häzirki çalt üýtgeýän döwrüň çäklerinde, 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz?

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda uly ösüşler gazanylýar we taraplar umumy gymmatlyklara hem-de milli başlangyçlara esaslanyp hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Birleşen Arap Emirlikleri 2025-nji ýyly “Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny jebisleşdirmek ýyly” diýip yglan etdi we ony “El-ele” şygary bilen utgaşdyrdy. Türkmenistan bolsa üstümizdäki ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Bu başlangyçlar parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we jemgyýetleriň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilen tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat döredýär.

Diplomatik, medeni, ykdysady we innowasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze ösüş derejesine çykaryp, iki ýurduň we tutuş dünýäniň durnuklylygyna hem-de abadançylygyna uly goşant goşjak uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny goýup biler.

Netijede, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda, esasan hem ykdysadyýet, maýa goýum we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýar. BAE ýakyn ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini 3 milliard dollardan geçirmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Ankarada türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gyrgyzystana sapary başlandy

Türkiýäniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýede saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gyrgyzystanda saparda bolar