DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Telefon söhbetdeşliginiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany hormatly Prezidentimiziň adyndan, hut öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň milli güni – Ynkylap güni bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi.

 

Milli Liderimiz: türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek boýunça ylalaşyldy

 

Related posts

“Atletiko Madrid” topary Gazagystanda futbol akademiýasyny açýar

Sagatda 12 müň ýolagçy! Eminönü-Alibeýköý tramwaý liniýasy açyldy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi