Emeli aň ulgamyny ösdürmek tutuş dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem esasy ösüş wezipeleriniň biridir. Sebitiň ýurtlary – Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan bu ulgamy ösdürmek ugrunda dürli strategiýalaryň işlenip düzülmegine we hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.
Her bir döwlet emeli aň ulgamynda özüniň öňde goýýan wezipelerini kesgitlediler we bu hem sebitiň toplumlaýyn ösdürilmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir.
TÜRKMENISTAN EMELI AŇY ORNAŞDYRMAKDA ÖŇEGIDIŞLIKLER GAZANÝAR
Türkmenistan ykdysadyýetiň we döwlet dolandyryşynyň dürli pudaklarynda emeli anyň (AI) durmuşa geçirilmeginde öňegidişlik görkezýär. Bu başlangyç bilim, energiýa we dolandyryş ugurlarynda birnäçe strategiki taslamalar arkaly durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan «Huawei» kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan Hytaýyň «ULearning» kompaniýasynyň bilim ulgamyna «emeli aňy» ornaşdyrmakda gazanan ösüşlerini öwrenmegi meýilleşdirýär. Ulgamy synagdan geçirmek üçin 200 sany ulanyjy üçin giriş üpjün ediler. Synagyň çäginde türkmen mugallymlary okuw prosesinde, okuwyň mazmunyny düzmekde hem-de okuwçylaryň ýetişigini bahalandyrmakda «emeli aňyň» netijeli ulanylşyny öwrenip bilerler.
GAZAGYSTAN HALKARA EMELI AŇ MERKEZINI DÖREDER
Gazagystanda “Alem.ai” ady bilen halkara emeli aň merkezi dörediler. Bu barada golaýda Almaty şäherinde geçirilen “Digital Almaty 2025” halkara sanly forumda ýurduň Premýer-ministri Olžas Bektenow habar berdi. Bu merkezi şu ýyl Astanada işe girizmek meýilleşdirilýär.
Merkez öňdebayrjy maglumat kompaniýalarynyň meýdançasyna öwrülip, bu ýerde bilelikdäki çözgütleri i’läp düzmek üçin laboratoriýa ylmy-barlag işleri we bilim maksatnamalary durmuşa geçiriler. Merkeziň 2029-njy ýyla çenli Gazagystanyň emeli aň çözgüt eksportuny 5 milliard dollara çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
GYRGYZYSTAN SEBITLEÝIN EMELI AŇ MERKEZINI DÖRETMEGI TEKLIP EDÝÄR
Gyrgyz Respublikasy emeli aň ulgamyny ulgamlaýyn ornaşdyrmak işini diňe ýurt derejesinde däl, eýsem sebitleýin derejede ornaşdyrmak üçin merkezi döretmegi teklip etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew “Digital Almaty 2025” halkara sanly forumda eden çykyşynda belläp geçdi.
Şeýle hem ol öz ýurdunda emeli aň boýunça Milli geňeşiň döredilendigini belläp, ýakyn wagtda emeli aň boýunça Milli strategiýanyň kabul ediljekdigini belledi. Bu strategiýa emeli aň bilen milli ykdysadyýetiň utgaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
TÄJIGISTANDA KÄBIR MEKDEPLERDE EMELI AŇ SAPAKLARY SYNAG EDILÝÄR
Täjigistanda geljegiň tehnologiýasyny ýaşlaryň gatnaşmagynda gönüden-göni ornaşdyrmak maksat edinilýär. Munuň üçin ýurduň 10 mekdebinde emeli aň dersleriniň okadylmagyna gönükdirilen başlangyja badalga berildi. Emeli aňyň esaslary ilkibaşda ýurduň 5 mekdebinde okuwçylara ders hökmünde okadylar. Muňa ýene-de birnäçe mekdep goşulyp, her bilim ojagynda 15-20 okuwça döwrebap tehnologiýa boýunça bilim berilýär.
Ýurduň emeli aň boýunça milli strategiýaysna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalaryň döwletiň jemi içerki önüminiň 5 göterimini emele getirmek ugrunda tagalla edilýär.
ÖZBEGISTAN EMELI AŇY ULANMAK BILEN BIRNÄÇE TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRDI
2024-nji ýylda Özbegistan emeli aňy 20230-njy ýyla çenli ösdürmek boýunça strategiýany tassyklady. Bu strategiýa laýyklykda, emeli aň ulagmynda işlenip düzülen programma üpjünçiliginiň we hyzmatlaryň möçberi 1.5 milliard dollardan geçer. Emeli aň ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen 10 sany ylmy laboratoriýalary döretmek meýilleşdirilýär.
Ýurduň strategik maksatlarynyň biri – Özbegistany dünýä hökümetleriniň emeli aňa taýýarlyk indeksi boýunça ilkinji 50 ýurduň hataryna girizmekden ybaratdyr.
Bu ugurda hünärmen mümkinçiligini artdyrmak maksat edinilýär we Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde emeli aň ulgamynda 1 million işläp düzüjileri taýýarlamak boýunça giň gerimli maksatnama işe girizilýär.