Türkmenistanda halkyň saglygyny berkitmekde, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we döwrebap özgertmeleri amala aşyrmakda, milli lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmakda, ýurdumyzyň bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmagyny üpjün etmekde esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň jan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek, raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurdaky özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde guramaçylyk-hukuk esasy bolup hyzmat eden bu maksatnamada ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, degişli ylmy-barlag işlerini alyp barmak, lukmançylykda kämil hünärmenleri ýetişdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar enjamlaşdyrylyş derejesi, hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň binýadyny goýan Milli Liderimiz möhüm lukmançylyk desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklaýar.
Lukman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby hem uly gollanmadyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli bolup, ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda bu kitaplarda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň düýp özeninde halkymyzyň saglygyny berkitmek, adam ömrüni uzaltmak ýaly wezipeler esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda sagdyn durmuş ýörelgesine esaslanýan ynsanperwer syýasat, bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak baradaky aladasy döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara saglyk merkezleri diňe bir paýtagtymyzda däl-de, ähli welaýatlarda saglyk öýleri, hassahanalar, «Ene mähri» merkezi, derman öndürýän kärhanalar hem-de saglygy goraýyş merkezleriniň ençemesi gurlup, halkymyza ulanmaga berildi. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän melhem suwly çeşmeleriň başynda döwrebap gurlan şypahanalar dünýäniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan, raýatlarymyzyň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Göwher Ylýasowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Adam anatomiýasy we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.